DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşlikde taraplar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde parlamentara hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini bellediler.

Ýene-de okaň

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi