Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň ara alyp maslahatlaşmalaryna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksi 1998-nji ýylda kabul edilip, ol 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilipdi. Bu Kodeksiň taryhy ähmiýeti barada aýdylanda, ol bazar demokratiýasyny, hususyýetçiligi ösdürmekde täze döwri alamatlandyran waka boldy. Kodeks eýeçiligiň ähli görnüşleriniň, raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligi we şertnamanyň erkinligi ýörelgelerini jar etdi.
Kodeksiň kabul edileni bäri geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Garaşsyz, bitarap ýurdumyz öz depginli ösüşünde birnäçe galkynyşly döwürleri başdan geçirdi we dünýäniň özygtyýarly döwletleriniň hatarynda mynasyp orna eýe boldy. Ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki ugurlarynda halkara giňişligine işjeň hem-de çalt depginler bilen goşulyşmagy, bazar ykdysadyýetiniň, telekeçiligiň we işewürligiň ösdürilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegi häzirki wagtda Kodeksi döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygyny ýüze çykardy.
Şunuň bilen baglylykda, Kodeksiň taslamasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we oňa halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem girizmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda germaniýaly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy.
Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda täze goşulan bapda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary beýan edildi.
Raýat kodeksine halkara hususy hukugy baradaky ýörite bölümiň goşulmagy milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem ol Kodeksiň taslamasynda beýan edilen goňşuçylyk hukugyna degişli käbir kadalaryň üstünde durup geçdi. Ilki bilen taslamada ikitaraplaýyn täsiriň ýüze çykyp biljek her bir ýer bölegi ýa-da gaýry gozgalmaýan emlägiň goňşy diýlip hasap edilýändigi barada düşünje berilmegi hem-de goňşuçylyk hukugyna degişli kadalarda goňşynyň ýer bölekleriniň ýa-da gaýry gozgalmaýan emlägiň eýeleriniň, kanunda göz öňünde tutulan hukuklardan we borçlardan başga ýagdaýlarda birek-birege özara hormat goýmak borçlarynyň aýdyň kesgitlenmeginiň, halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde mynasyp dowam etmegi üçin örän ähmiýetlidigini bellemek gerek.
«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň has-da kämil we netijeli düzgünleşdirilmegine ýardam eder.
Şeýle hem Kodeks boýunça çykyş eden deputatlar we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň, Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasarlary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň, şonuň ýaly-da daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da daşary ýurt ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän bölegiň girizilýändigini bellediler.
Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy.
Kodeksiň fiziki şahsyň telekeçilik işi we batyp galmagy barada; raýatyň hukuk ukyby, kämillik ukyby, adyna bolan hukugy kesgitlenilende ulanylýan hukugy; hossarlyk we howandarlyk; raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak; jemgyýetçilik birleşikleri we jemgyýetçilik gaznalary baradaky hukuklar, şeýle hem geleşikler, wekilçilik; möhletler; zat (emläk) hukugy; eýelik etmek; eýeçilik; goňşuçylyk hukugy; girew; ipoteka; gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň Döwlet sanawy; borçnamalaýyn hukuk; şertnamalaýyn hukuk; intellektual eýeçilik hukugy; ätiýaçlandyryş; bank hyzmaty; bergi borçnamalary; ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak; kärende, miras we beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalar kämilleşdirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler.
Soňra maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy, 104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugyndan deputat Ýusupguly Eşşäýew Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlaryna girmegi babatynda wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda iş kesilendigi ýa-da kesilmändigi baradaky kepilnamanyň talap edilýändigini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny belläp geçdi.
Taslama laýyklykda, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen Içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çägindäki borçlarynyň hataryna, bellenilen tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermek barada borjy kesgitleýän täze kada goşmak göz öňünde tutulýar.
Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmaga, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmäge uly ýardam eder.
Gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy, 7-nji «Güneş» saýlaw okrugyndan deputat Guwançmyrat Agaýew Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlar, ulag serişdeleri we şahslar geçirilende hem-de gümrük taýdan resmileşdirilende, gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny belläp geçdi.
Taslama laýyklykda, töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy barada düşünjeleriň girizilmegi we aýdyňlaşdyrylmagy teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmagyň Strategiýasyny kesgitlemek, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de serhetüsti haryt dolanyşygyny çaltlandyrmak bilen bir wagtda gümrük gözegçiligini ygtybarly guramakda ýakyndan ýardam eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy, 7-nji «Güneş» saýlaw okrugyndan deputat Guwançmyrat Agaýew Hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp hem-de degişli edaralardan gelip gowşan teklipler esasynda taýýarlanan Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň düzgünleşdirýän meselesi barada durup geçdi.
Taslama laýyklykda, hereket edýän kanuna täze bent goşulyp, onda gümrük gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda, gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň döredilýändigi we ulanylýandygy barada kadalary girizmek göz öňünde tutulýar.
«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň gümrük serhedinde gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna ýardam eder.
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.