Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen, beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.
1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen “Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Tertipnamasynyň VI maddasyna üýtgetmäni tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamak hem maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.
“Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garaldy. Bu Kanun arkaly Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, milli parlamentiň deputatlary “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanun Türkmenistanyň býujet ulgamyny guramagyň hem-de dolandyrmagyň umumy ýörelgelerini hem-de ýurdumyzda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklaryň esasyny kesgitleýär. “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem garaldy.
Maslahatda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanun taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
