BIZNES

Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy boýunça brifing görnüşli halkara maslahaty geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde onuň agzalaryna ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” kabul edilendigini belledi. Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Ýakynda bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýokary derejede geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we forumyň netijeleri boýunça seljeriş işlerini geçirip, ähli ugurlar boýunça maýa goýumlary çekmekde hasabatlary taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalaryna halkara derejeli bu forumda gelnen netijeleri, anyk teklipleri jemläp, wajyp ähmiýetli desgalary işe girizmek we düýbüni tutmak dabaralarynyň taryhy ähmiýetini beýan etjek brifing görnüşli halkara maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemleri boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan okuw-usuly gollanmany taýýarlamak babatda degişli görkezmeleri berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim berýän mugallymlar, talyplar üçin gymmatly gollanma bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary