BIZNES

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy we onuň çäklerinde ugurdaş sergi geçiriler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky baý maýa goýum mümkinçiliklere bagyşlanyp geçiriljek foruma dünýäniň dürli döwletlerinden ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň söwda, ýangyç-energetika, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk toplumlarynda, saglyk, bilim, sport, maliýe-bank ulgamlarynda bar bolan mümkinçiliklere bagyşlanan sergi guralar. Onda ugurdaş düzümleriň edara-kärhanalary geljegi uly türkmen bazarynyň mümkinçilikleri, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky baý serişde kuwwatlyklary we ondan netijeli peýdalanmak üçin döredilen amatly maýa goýum syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Öňde boljak maýa goýum forumy we onuň çäklerindäki sergi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalara daşary ýurt maýalaryny  çekmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Ýene-de okaň

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar