Ýurdumyzyň Kubogynyň finalynda “Arkadag” hem-de “Ahal” toparlary duşuşarlar. Arkadag şäherindäki 10 müňlük stadionynda 24-nji dekabrda geçiriler.
Ertir geçiriljek bu duşuşyk 15:00-da başlanar. Duşuşygyň Türkmenistanyň teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Şu ýylyň aprel aýynda döredilen döwlet ähmiýetli adybir şäheriň topary bolan «Arkadag» topary üçin bu ilkinji final bolar. Ondan öň bu topar Türkmenistanyň çempiony diýen ada wagtyndan öň eýe boldy. Indi Wladimir Baýramowyň topary bu edermenligi gaýtalamaga ýakyn. Şu ýyl «Arkadag» topary bilen «Ahal» topary Türkmenistanyň çempionatynyň çäginde üç gezek duşuşdy. Üç oýunda-da «Arkadag» topary ýeňiş gazandy: 5:2, 3:2 we 2:1.
Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy:
24.12.2023 ý. (ýekşenbe)
“Arkadag” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: Arkadag şäheri
Başlanýan wagty: 15:00
