BILIM

Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary dörediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek işleri barada hasabat berdi.

Ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek, olary çärýekde bir gezek elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

“Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalda filologiýanyň nazary-amaly meselelerine, dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine, terjimeçilik işlerine bagyşlanan ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň, talyplaryň makalalaryny ýerleşdirmek maksat edinilýär.

“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron žurnalyň sahypalarynda bolsa ykdysadyýetiň, ykdysady ösüşiň nazaryýetine, innowasion ykdysadyýete, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalary ýerleşdirip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň, talyplaryň tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistan bilen Ukraina ylym, bilim we atçylyk babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişdi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler

Türkmenistan we Hytaý: bilim hyzmatdaşlygyna täze itergi

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamynda ähtnama gol çekildi