DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Türkmen diplomaty Pakistanyň Premýer-ministrine ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň gutlaglaryny ýetirdi.

Pakistanyň Premýer-ministri duşuşykda eden çykyşynda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigini belledi.

Ol hususan-da, söwda, energetika, ykdysady gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlyga has köp üns berilmelidigini belläp, energetika taslamalary çaltlandyrmagyň möhümdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň ilçisi anyk taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Anwaar-ul-Hak Karar Pakistanyň hökümetine wagtlaýyn ýolbaşçy saýlandy. Ol 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda kasam kabul etdi. Mundan ozalky hökümet 9-njy awgustda wezipeden çekilipdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri