BILIM

Türkmenistanyň ilçisi Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulyýew Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory, professor Mustafa Kazim Karahojagil bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçisi, türk tarapyna şu ýyl Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän köp sanly çäreler barada maglumatlary ýetirdi.

Öz gezeginde uniwersitetiň rektory Mustafa Kazim Karahojagil mundan beýläkde hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady we şu ýylyň dowamynda bilelikde dürli çäreleri geçirmegiň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Ahi Ewran uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda uniwersitetde okaýan türkmen talyplarynyň bilim derejeleriniň görkezijileri we ýaşaýyş şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri