Paýtagtymyzyň günbatar böleginde Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurtda ilkinji ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär.
Täze ýokary okuw mekdebiň 2022-nji ýylyň iýulynda binýadynyň tutulmagy bilen türkmen telekeçiligini ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ygtybarly esas goýuldy.
Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berdi.
Ýokary okuw mekdep «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilýär. Köp ugurly talyplar şäherçesi ýaşlaryň 2700-sine niýetlenendir. Ýokary okuw mekdebiň düzüminde fakultetleriň altysy, şeýle hem kitaphana, maslahat zaly, naharhana, 2 sany talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýy, sport meýdançalary ýaly desgalar hem-de ulag goýmak üçin ýer göz öňünde tutulandyr.
TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň telekeçiliginiň taryhynda täze sahypany açar. Täze ýokary okuw mekdep ýurtda şunuň ýaly ilkinji okuw binasy bolup, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ojaga öwrüler. Ol telekeçilik we işewürlik ulgamynda ýokary hünär derejeli işgärleriň, Türkmenistanyň innowasion ösüşine we ykdysady taýdan ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşjak ussatlaryň täze nesliniň düýpli we ulgamlaýyn taýýarlanylmagyny üpjün eder.
Talyplar şäherçesiniň gurluşygy «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.
Häzirki günde işewürlik maksatlary hem-de şol maksatlaryny amala aşyrmaga ymtylmalary bolan ýaşlaryň okadylmagy dürli işewürlik mekdeplerde, TSTB-niň telekeçiler mekdebinde, şeýle hem onuň Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň binýadynda alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň kiçi we orta işewürlik ulgamlary uly, yzygiderli artýan mümkinçilige eýedir. Türkmen telekeçileri her ýyl oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçilikleriniň möçberlerini artdyrýarlar, gurluşyk we gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda hem-de ençeme beýleki ugurlarda işlerini depginli we üstünlikli ösdürýärler.