Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.
Mälim bolşy ýaly, 19-njy maýda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň dikuçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de döwlet Baştutanynyň aradan çykmagy zerarly ýurtda 5 günlün ýas yglan edildi.
