Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty ýurduň nebit we gaz gorlaryny artdyrmaga, uglewodorod serişdelerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Döwletimiziň energetika strategiýasy ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan kepillendirilen. Türkmenistan uglewodorod çig mal serişdelerine baý döwletdir.
Ýurdumyzyň energetika syýasatynyň giň gerimde ösdürilmeginde daşky gurşawy aýawly saklamak ugruna hem-de täze energetika ugurlaryny özleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzda milli wodorod energetikasy pudagyny döretmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň strategik maksatlaryny özünde jemleýän bu resminama, elbetde, gönüden-göni energetika syýasaty bilen baglanyşykly. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň hataryna girýän wodorodyň ekologik taýdan arassalygy babatda geljegiň ýangyjy hökmünde barha giňden ykrar edilýändigini göz öňünde tutulýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Türkmenistanda wodorod öndürjek desgany gurmak meýilleşdirilýär. Bu ugurda degişli teklipleri işläp taýýarlamak üçin halkara bäsleşik hem yglan edildi. Taslamanyň çäklerinde täze wodorod desgasynyň taslamasyny düzmek, gurmak, onuň sazlaýyş, işe goýberiş çärelerini ýerine ýetirmek we desgany ulanyşa tabşyrmak boýunça tehniki resminamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, energetika pudagynda, ýagny nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginde hem daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak ugrunda tagallalar edilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ugrunda ähli şertler döredilýär.
Nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginde daşky gurşawyň aýawly saklanylmagy babatda ýurdumyzda ýene-de bir uly halkara maslahatyny gurnamak göz öňünde tutulýar. Uglewodorodlary özleşdirmek şertlerinde daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak, şol sanda Derwezedäki gaz krateri boýunça mümkin bolan çözgütler 23-nji iýunda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriljek Halkara ylmy maslahatyň gün tertibine girer.
Forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «GaffneyCline» brtitan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» bilen hyzmatdaşlykda çykyş eder. Bu ylmy maslahat zyňyndylaryň atmosfera düşmegini çäklendirmek we ýaşyl energetika tehnologiýalary boýunça barlaglaryň netijeleri we energetika ulgamynda tejribe alyşmak üçin öňdebaryjy bilermenleri, barlagçylary we hünärmenleri bir ýerde jemlemek maksady bilen geçirilýär.
Umuman, ýurdumyz özüniň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýugrulan energetika syýasatynda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi ugurlary esasy wezipeler hökmünde kesgitlendi.
Kerim Hanjanow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniñ
Energetika we inženerçilik desgallary fakultetiniñ Tehnologiki maşynlar we Enjamlar taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.
