2021-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni we sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly Metbugat konfrensiýasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy.
Metbugat-konfrensiýasyna milli gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, milli KHBS-niň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de daşary ýurtlaryň abraýly teleradio ulgamynda işleýän guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de dünýäniň 18 ýurdundan 80-den gowrak habarçylar sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärä gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyş eden türkmenistanly we daşary ýurtly wekiller häzirki wagtda derwaýys häsiýete eýe bolan parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri dogrusynda öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Şu gymmatlyklaryň milli, sebit we halkara derejesinde giňden wagyz edilmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň üstünligini hem-de netijeliligini nygtadylar.
Metbugat-konferensiýasynyň barşynda garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bellenildi. Türkmenistanyň sebitde we onuň çäginden daşarda parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ilerledilmegindäki wajyp orny bellenilip geçildi.
Şeýle çäräni gurandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda türkmen kärdeşleri bilen işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.