Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamalary taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan resminamalary makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
