BILIM

Türkmenistanyň Bilim ministrligi türkmen ýaşlaryny Rumyniýa okuwa çagyrýar

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr hem-de magistr maksatnamalary boýunça okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Bu işler häzirki wagtda hem guramaçylykly dowam edýär.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2023-nji ýylyň 10 — 20-nji iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.

Rumyniýa döwletiniň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň» çäklerinde alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda bu dostlukly ýurt tarapyndan alty ugur, ýagny maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy hem-de oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenilýär.

Bu maksatnamalar esasynda ýokary hünär okuwlaryna dalaşgärler SAT, TOEFL hem-de IELTS akademiki bahalandyryş synaglaryndan üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamalar esasynda artykmaçlykdan peýdalanyp bilerler. Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri 20-nji iýulda tamamlanar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin medeniýet we sungat ugurlary boýunça Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim Maksatnamalary boýunça seçip alyş synaglary üstünlikli geçirildi.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi ( bakalawr we magistr) maksatnamasy

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary