BILIM

Türkmenistanyň bilim ministriniň Katara sapary

2024-nji ýylyň 25-28-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň ilkinji gününde Katar Döwletiniň Bilim ministrliginiň merkezi binasynda Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Katar Döwletiniň bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we bilim ulgamy boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip, bu ugur boýunça ikitaraplaýyn meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Katar Döwletiniň Milli muzeýi hem-de Kataryň Yslam sungaty muzeýi bilen tanyşdyryldy.

Türkmen wekiliýetiniň Katar döwletine iş sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary