BIZNES

Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi : Rejelenen görnüşi

«Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Täze Kanun düýn sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda kabul edildi.

Mejlisiň Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Arbitraž kazyýet önümçiliginiň alnyp barylmagyny, ýagny telekeçilik işi bilen baglanyşykly işler boýunça alnyp barylmagyny düzgünleşdirýän bu kadalaşdyryjy-hukuknamasy ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge, ykdysadyýet ulgamynda kanunçylygyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilip, rejelenen görnüşde 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizilýär.

«Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Soňra deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

Soňra parlamentarilere rejelenen görnişde taýýarlanan «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

Adalatçynyň hasabaty…

Maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň hasabaty diňlenildi. Hasabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we berjaý etmek boýunça alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi hem-de bu ulgamda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine seljerme berildi.

Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Kanun

Soňra «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynda ilatyň saglygyny goramaga toplumlaýyn çemeleşmegiň, bu ulgamda ýörite Kanunlary kabul etmegiň möhümdigini aýtdy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Kanun

Soňra parlamentarileriň garamagyna «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, “ýaşyl ykdysadyýete” yzygiderli geçmek meselelerine uly üns berilýär. Nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, himiýa senagatynda, ulag ulgamynda, beýleki pudaklarda täzeçil, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, täze Kanun aýratyn möhüm ähmiýeti eýeleýär. Ol gaýtadan dikeldilýän çeşmeler babatda işleriň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de gün, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, ýeriň we daşky gurşawyň ýylylygynyň energiýasy, ilkibaşky energiýa serişdeleriniň antropogen çeşmeleri (biomassa, biogaz we organiki galyndylardan alynýan beýleki ýangyç) bilen birlikde, şolaryň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Beýleki ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar:

  1. «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  2. «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  3. «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  4. «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda»,
  5. «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  6. «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda»,
  7. «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda»,
  8. «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  9. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda»,
  10. «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  11. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda»,
  12. «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda»,
  13. «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunlary

Halkara ylalaşyklar:

Şunuň bilen birhatarda, maslahatda

  1. «Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda»,
  2. «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda»,
  3. «Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky 122-nji Konwensiýany tassyklamak hakynda»,
  4. «Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmak hakynda»,
  5. «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda»,
  6. «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutyny esaslandyrmak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Mejlisiň Kararlarynyň taslamalary hödürlenildi.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna garamaga çykarylan kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

Ýene-de okaň

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder