JEMGYÝET

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, milli kanunçylygy pugtalandyrmakda, hukuk işini ýokarlandyrmakda önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmurat Muhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly at dakyldy.

Şeýle hem ýustisiýanyň geňeşçisi Begmurat Muhamedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, möhletinden öň ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesi berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy maýor Maksat Hudaýkulyýewe podpolkownik harby ady dakyldy.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar