SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 35-nji ýörite gatnaw

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Biz öz hem bu ýörite gatnaw barada habar beripdik. Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, 11-nji fewralda gurnalan ýörite gatnawdan 176 ýolagçy peýdalandy.
Bu ýörite gatnaw koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň çäklerinde ýerine ýetiriljek 35-nji gatnaw boldy.
Şeýle hem Türkmenistana ýörite gatnawy amala aşyrýan awiakompaniýalaryň biri hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasydyr.
Bu awiakompaniýa şu ýylyň 13-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar