SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Kazana uçar gatnawlary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tomus paslynyň ilkinji aýynyň ilkinji gününden başlap, Türkmenabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde uçar gatnawyny amala aşyrar. Şeýle hem Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça gatnaw makstanamasy täzeden dikeldiler.

Bu barada Kazanyň howa menziliniň metbugat gullugy habar berýär. Beýanatda mälim edilişine görä, Tatarystan Respublikasy ilkinji tapgyrda Türkmenistanyň göni gatnawlaryny amala aşyrmaga başlajak ilkinji ýurtlarynyň biri bolar.

Şonuň üçin uçuş maksatnamasy ýolagçylar üçin gyzykly bolsa gerek:

  • 1-nji iýunda “Türkmenistan” awiakompaniýasy ilkinji gatnawyny Türkmenabatdan Tatarystana amala aşyrar. Bu gatnaw çarşenbe günleri ýerine ýetiriler.
  • 1-nji iýuldan ýolagçylar Aşgabatdan Kazana uçup bilerler.

* Anna günleri Kazandan 10:50-de uçan uçar Türkmenistanyň paýtagtyna 16:20-de gonýar.

* Ýekşenbe günleri Kazandan 23:35-de uçan uçar Türkmenistanyň paýtagtyna 05:05-de gonýar.

Uçuş wagtlary her howa menzili üçin ýerli wagtda görkezilendir. bilşiňiz ýaly, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda 2 sagat aratapawut bar.

Biletleri howa menziliniň https://kazan.aero web sahypasyndaky “Bilet satyn almak” bölüminden satyn almak bolar, şeýle hem “Kazan” hoiwa menziliniň mobil goşundysyndan alyp bolar.

 

Dubaýdan we Kazandan Türkmenistana bilet nireden almaly?

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy