JEMGYÝET

Türkmenistandan Hyrada iberilýän elektrik energiýasy 120 megawata çykaryldy

Birnäçe gün mundan ozal, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň umumy bähbidine hyzmat etjek möhüm desgalaryň işe girizildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň elektrik energiýasy Hyradyň “Nur-el-Jahad” elektrik bekedine iberilip başlandy.

Hyradyň “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň has köp möçberini ibermäge mümkinçilik berdi.

«Da Afghanistan Breshna Sherkat» döwlet kompaniýasynyň başlygy Abdul Bari Omaryň “Türkmenistan” gazetine beren maglumatyna görä,  Türkmenistandan Hyrada 60 — 70 megawata çenli elektrik energiýasy import edilýärdi. Indi bolsa bu görkeziji 120 megawata çenli artdyrylar.

Täze elektrik bekedi hyratly ýaşaýjylaryň, şeýle-de senagat kärhanalarynyň elektrik togy bilen bagly zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam eder. Munuň özi örän bähbitlidir, sebäbi elektrik energiýasynyň iberilýän aralygy näçe gysga, howa elektrik geçirijisiniň güýjenmesi näçe ýokary boldugyça, iberilýän tok ahyrky nokada barýança ýitgiler şonça az bolýar.

Ýeri gelende bellesek, goňşy ýurtda ýakyn aýlarda 500 kilowoltlyk “Argandi” bekediniň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýar. Bu beket türkmen elektrik energiýasyny Hoja-Alwan çölüniň üsti bilen Kabulyň Argandi etrabyna çenli ýetirmäge gönükdirilendir.

Şu we beýleki taslamalaryň netijesinde Owganystanyň Türkmenistandan 1000 megawata çenli elektrik energiýasyny import edip hem-de üstaşyr geçirip biljekdigini ýerli wekiller guwanç bilen dile getirýärler. TOP taslamasynyň amala aşyrylmagy bilen, owgan tarapy diňe togy üstaşyr geçirmek arkaly ýylda 100 million amerikan dollary möçberinde girdeji alar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Professor Ýusup Azmun: “Makul Sözlük” diňe bir türkmenler üçin däl, eýsem beýleki halklar üçin hem peýdalydyr

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (39-sany)

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk eder

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler