DÜNÝÄ

Türkmenistanda ýoga bilen meşgullanýanlaryň sany artýar

Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa stadionynda Halkara ýoga gününe bagyşlanan çäre geçirdi. Bu çärede çykyş eden Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Mahhumita Hazarika Bhagat Türkmenistanda ýoga bilen meşgullanýanlaryň sanynyň her geçen ýyl artýandygyny belledi.

Ol Halkara Ýoga güni mynasybetli geçirilen çärä 200-den gowrak adamyň gatnaşandygyny uly buýsnaç bilen belläp, Aşgabatdaky Ýoga merkezinde her gün 4 çalşykda ýoga sapaklarynyň geçirilýändigini belläp, oňa 80 bilen 100 aralygynda adamyň gatnaşýandygyny aýtdy.

Üstümizdäki ýylda Halkara Ýoga güni mynasybetli Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerinde gadymy ýoga sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Türkmenistan bilen Hindistan ýoga we adaty lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär we şonuň netijesinde, Merkezi Aziýada ilkinji bolup, Aşgabatda ýoga we adaty lukmançylyk merkezi döredildi.

Mälim bolşy ýaly, Halkara ýoga güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlangyjy esasynda döredildi. Ilkinji gezek Ýoga güni 2015-nji ýylda dünýäniň 180-den gowrak döwletinde toparlaýyn ýoga sapaklary bilen giňden bellenilip geçildi.

Ýoga Hindistanyň milli gymmatlygydyr. Şonuň üçin Halkara ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri