MEDENIÝET

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

18 — 27-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik üçin Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde medeni çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady.

22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler. Tomaşaçylar nemes nusgawy sazlaryndan we opera eserlerinden lezzet aldylar.

Dabarada gutlag sözi bilen çykyş eden Germaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns ähli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Düzüminde 27 ýurdy birleşdirýän Ýewropa Bileleşiginiň halklarynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Iogann Bah, Lýudwig Bethowen, Rihard Wagner ýaly meşhur nemes kompozitorlarynyň döreden eserleri dünýäniň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär.

Şu gezekki konsertde nemes nusgawy sazlaryna we opera eserlerinden parçalara aýratyn orun berildi. Germaniýadan gelen «Klenke» kirişli saz topary (kwartet) we dört kirişli kontrabas saz guralyny çalýan, Berliniň döwlet kapellasynyň sazandasy Alf Mozer Gendel, Mosart, Weber, Şuman Ştraus, Reger we Legar ýaly saz sungatynyň ägirtleriniň nusgawy eserlerini ýerine ýetirdiler. «Klenke» kwarteti 30 ýyldan bäri nemes sazlaryndan ybarat çykyşlary bilen Germaniýada we dünýäde giňden tanalýar. Döredijilik toparynyň agzalary — skripkaçylar Annegret Klenke, Beate Hartmann, alt saz guralynyň ussady Iwonn Ulemann we wiolençelçi Rut Kaltenhoýzer nusgawy sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Opera aýdymçysy Narine Ýegiýanyň aýdan aýdymlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Nemes nusgawy aýdym-saz medeniýetiniň baý mirasy bilen türkmen tomaşaçylaryny tanyşdyran dostlukly döwletiň sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji noýabrda Italiýanyň “Antonio Flinta Trio” döredijilik toparynyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda guralan konserti paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Kompozitor we pianinoçy Antonio Flintadan, deprekçi Klaudio Joanniniden, kontrabasçy Roberto Buççiden ybarat topar jaz sungatynyň jadylaýjy owazyny duýmaga mümkinçilik berdi. Italiýaly sungat ussatlarynyň türkmen sazandalary bilen bilelikde ýerine ýetiren “Güýz ýapraklary”, “Dünýä bilen bir boluň!” ýaly jaz sungatynyň ajaýyp eserleri tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Konsertde türkmen aýdym-saz sungatynyň nusgawy eserleri hem ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende bellesek, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Antonio Flinta Trio” döredijilik topary ýurdumyzyň sungat ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle-de paýtagtymyzyň medeni merkezlerinde jaz sungaty bilen gyzyklanýanlar üçin ussatlyk sapaklaryny hem berdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi köpöwüşginli çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. 25 — 27-nji noýabr aralygynda bolsa paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda we Fransiýanyň ilçihanasynyň Fransuz institutynda ýewropa filmleriniň we multfilmleriniň görkezilişleri guralar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk