JEMGYÝET

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenildi

Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

…Belentde howalanýan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanynda aýratyn ýagdaý emele geldi. Bu ýerde — “Milletiň ogullary” ýadygärliginde biz Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralaýarys.

Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň ýadygärliginiň töweregi has köp adamly boldy. Bu ýer harby şöhratyň hem-de umumy halk hatyrasynyň mukaddes ýeridir. Dünýäni faşizmden goran, mähriban Watanymyzyň azatlygy we Garaşsyzlygy, onuň bagtyýar geljegine bolan hukugy ugrunda göreşen nesilleriň wekilleri bolan ata-babalarymyzy hatyralamak üçin bu ýere ýüzlerçe adamlar geldiler.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalar boldy. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin paýtagtymyza geldi. Şeýle hem şol gün Türkmenistana uruş ýoluny geçen hem-de öýüne Ýeňiş bilen gaýdyp gelen şöhratly esgeriň — Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty getirildi.

Berdimuhamet Annaýewe Russiýanyň döwlet sylagy — “Edermenlik üçin” atly medal ýaly harby nyşanyň gowşurylmagyny ýurdumyzda beýleki halklar bilen egin-egne berip, Beýik Watançylyk urşunda duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň alamaty hökmünde kabul edildi.

Milli Liderimiz halkymyzyň “Ölüsini sylan beg bolar” diýen parasatly sözlerini ýatlap, hatyralamagyň belent we mukaddes işdigini, şu günki dabaranyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we hut öz adyndan kümüş saçly ene-mamalarymyza, bu ýere ýygnananlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip: “Siz — ýaşulular, ene-mamalar biziň geljegimiz bolan ýaşlar üçin uly göreldesiňiz! Şonuň üçin siziň hemmäňize taňryýalkasyn!” diýip aýtdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dabara gatnaşýan diplomatlary mähirli mübärekläp, ajaýyp bahar gününde bellenilýän bu baýramyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi.

Öz nobatynda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny hem-de ähli türkmenistanlylary Beýik Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz weteranlaryna hormat goýýar we Watan üçin, diýmek, şu günki ýurt üçin janlaryny gurban edenleri unutmaýar. “Munuň özi diňe janlaryny gurban edip, aramyzdan gidenler üçin däl-de, eýsem, biziň döwürdeşlerimiz we geljekki nesiller üçin hem möhümdir” diýip, ilçi nygtady.

Dabaraly pursatlar gelip ýetýär — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül çemenleri goýulýar.

Soňra uruş weteranlary, diplomatlar hem-de dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ählisi — frontçylaryň ogullary, agtyklary, çowluklary, milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmäge gelenleriň hemmesi gül desselerini goýdular.

***

Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalandy, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirildi.

 

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady