JEMGYÝET

Türkmenistanda ýene bir gazet elektron görnüşde

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýat bermeginde ilkinji sany mundan 9 ýyl ozal okyjylar köpçüligine ýetirilen «Nebit-gaz» gazeti hem indi PDF görnüşinde elýeterli edildi. Kagyz nusgasy 1 manatdan satylýan gazetiň elektron görnüşi iki esse arzan bolar. Has takygy, okyjylar PDF görnüşdäki gazetiň bir sanyny 50 teňňeden satyn alyp bilerler.

Mundan beýläk gazetiň her sanynyň PDF görnüşi bilen Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty arkaly tanşyp bolar. Gazet üçin tölegler «Altyn asyr» bank karty arkaly kabul ediler.

Edil häzirki wagtda saýtda gazetiň şu ýyldaky 29-njy sany bar. Ýöne redaksiýanyň wekilleri gyzyklanma bildirýänler üçin ýakyn geljekde neşiriň şu ýyldaky ähli sanlarynyň ýerleşdiriljekdigini aýdýarlar.

Türkmenistanda geçen ýyldan başlap elektron gazet işine köpçülikleýin girişildi. Ilki bilen TDNG-niň resmi saýty arkaly 30-dan gowrak neşir PDF görnüşinde okyjylara ýetirildi we bu däp häzir hem dowam etdirilýär. Ýöne şol neşirleriň arasynda «Nebit-gaz» gazetiniň ýokdygyny aýtmak gerek.

Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap bolsa, Türkmenistanda elektron gazet işine doly geçildi we aýlyk 10 manatlyk abonent tölegi bilen TDNG-niň garamagyndaky 30 neşir okyjylara hödürlenilýär. Täze iş usuly gazet-žurnallary neşir edijiler üçin hem, okyjylar üçin hem elýeterlidir.    

Ýene-de okaň

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik