JEMGYÝET

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň çäklendirmeleri

Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Täze ýyl baýramçylyklary döwründe birnäçe çäklendirmeler giriziler. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Hususan-da, eýeçilik görnüşine garamazdan ministrliklerde, edaralarda we kärhanalarda köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek gadagan edilýär.

Şeýle hem ähli jemgyýetçilik iýmit nokatlarynda köpçülikleýin çärelere gadaganlyk girizilýär. Jemgyýetçilik iýmit nokatlaryna müşderilerine sargyt edilen tagamlaryny eltip bermek işini üpjün etmek tabşyryldy.

Aragatnaşyklary aradan aýyrmak üçin ähli guramalarda, bilim edaralaryna çagalar üçin Täze ýyl çärelerini geçirmek gadagandyr. Çagalar bagyndaky çagalar üçin geçirilýän Täze ýyla bagyşlanan çäreleri onlaýn tertipde geçirilip bilner.

Mundan başga-da, raýatlaryň seýilgählere we beýleki köpçülik ýerlerine baryp görmegi çäklendirmegi we Täze ýyl baýramçylygyny maşgalalary bilen öýde bellemegi hem-de myhmançylyga gitmezligi üçin wagyz ediş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly ýurdumyzda otly we şäherara awtobus gatnawlary hem-de halkara uçar gatnawlary şu ýylyň ahyryna çenli togtadylypdy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy