Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň jemlerine hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda edilen işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen köp sanly täze döwlet maksatnamalaryny we ösüş strategiýalaryny tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Hususan-da:
- 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasy tassyklandy.
- Türkmenistanda sanly ykdysadyýti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.
- Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky Karara gol çekildi.
- Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy tassyklandy.
- Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekildi.
- Aşgabat şäherine “Altyn kölüň” kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak hakynda Karara gol çekildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlamak almak üçin bäsleşikleri geçirmek, “Altyn kölüň” kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.
Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!
Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük
Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.