TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamy dörediler

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şeýle hem “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyna gol çekildi. Bu taslama pudagara elektron maglumat alyşmak we elektron resminama dolanyşygy ulgamlaryny döretmäge, işe girizmäge we ýurdumyzyň pudak edaralarynyň birnäçesini bu ulgamlara birikdirmäge, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamaga, halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, pudagara elektron maglumat alyşmalar ulgamyny ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etjekdigini nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama