JEMGYÝET

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellendi

Türkmenistan döwletimiziň çar künjeginde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýan ba­har pas­ly­nyň gel­me­giniň alamatlandyrýan bu baýramçylyk mynasybetli Ahal ýaýlasynda giň dabaralar guraldy.

Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan dabaralaryna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidow hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda: “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar parahatçylygy, ynanyşmagy, jebisligi, ynsanperwerligi giňden wagyz etmäge, ýaş nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge, watansöýüjilige, dost-doganlyga, zähmetsöýerlige, halallyga söýgi döretmäge ýardam berýär.” diýlip bellenilýär.

Soňra baýramçylyk dabarasy ýaşajyk türkmenistanlylaryň çykyşlary bilen başlady. Dabarada Nowruz baýramynyň giňden toýlanýan ýurtlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle hem dabarada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlanýan folklor-etnografik sahna görkezme çykyşlary guraldy.

Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. “Galkynyş” topary ýaňy-ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen sirk festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy.

Baýramçylyga bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçiriler

Türkmenistan Efiopiýa ilçi belledi

Amerikanyň ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler