SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda Kowid-19-a garşy sanjymlar alnyp barylýar

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu meýilnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde gol çekildi. Şoňa laýyklykda, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen bu meýilnama kabul edildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy esasynda alnyp baryljak çäreleriň toplumy barada çykyşlar diňlenildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  hem çagyrylan bu tanyşdyrylyş dabarasyna BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerini ýetiriji Kristin Weýgand, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kondo Şunsuke, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

SANJYM IŞLERI TALABALAÝYK ALNYP BARYLÝAR

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy tarapyndan täze meýilnama boýunça maglumatlar berildi.

Şol meýilnama esasynda ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmek hem-de häzirki döwürde dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjynyň biziň ýurdumyza aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen geçiriljek çäreleriň uly toplumy kesgitlendi.

Şoňa laýyklykda koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň hem ýurdumyzdaky immunizasiýa işleriniň çäklerinde alnyp barylýandygy, bu ýokanja garşy göreşmegiň koronawirus ýokanjynyň dünýäde ilkinji ýüze çykyp başlan döwründen bäri giň gerimde amala aşyrylýandygy bellenildi.

Şonuň netijesinde, ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy kabul edilip, bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimde ýola goýulýandygy bellenildi.

Kowid-19 ýokanjyna garşy sanjymlaryň ilki bilen saglygy goraýyş işgärlerine sanjym edilmek bilen başlap, häzirki döwürde kesgitlenen tapgyrlarda amala aşyrylýandygy bellenildi.

HALKARA GURAMALAR GOLDAW BERMÄGE TAÝÝAR

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerini ýetiriji Kristin Weýgand,  Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso we Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bu meýilnamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna goldaw bermäge taýýardyklaryny belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso ÝB-niň koronawirus ýokanjyna garşy göreş alyp barmakda Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3 million ýewro möçberinde goldaw berendigi mälim edildi.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu hem öz çykyşynda Türkmenistan bilen bu meýilnamanyň esasynda hyzmatdaşlyk edilýändigini belledi.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kondo Şunsuke Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

“Orient.tm” saýty “Türkmenistan Habar” platformasyna goşulýar

Aýna Seýitkulyýewa: Sungat Maşgalasynyň Bilbili

 

Ýaponiýa 2 sanjymy bellige aldy

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy