SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym alnyp barylýar

Şu gün tutuş dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem 7-nji aprel – Bütindünýä Saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Saglyga bolan hukuk – adam hukuklarynyň esaslarynyň biridir» atly onlaýn tertipde maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy tarapyndan gurnalan maslahata Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly halkara guramalaryň wekilleri, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu maslahata “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty onlaýn tertipde gatnaşdy.

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

Maslahatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi barada maglumatlar berildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Saçly Nuryýewa ýurdumyzda Milli immunizasiýa meýilnamasy hem-de “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjymlaryň paýlanylmagynyň çäklerinde COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym etmegiň tejribesi barada çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda ýurdumyzda 4 waksina – “Sputnik V”, “EpiWakKorona”, “AZD1222-AstraZeneca” hem-de “Beijing CNBG Inactivated” waksinalary boýunça sanjym işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Sanjym işleriniň tapgyrma-tapgyr alnyp barylýandygy, birinji tapgyrda lukmançylyk işgärleri hem-de döwlet ýolbaşçylary, 2-nji tapgyrda bolsa uly ýaşly adamlardan kiçi ýaşly adamlara çenli, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine sanjym edilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Sanjym işleriniň Bejergi we öňüni alyş saglyk edaralarynda, goşmaça Saglyk öýleriniň sanjym nokatlarynda alnyp barylýandygy, şeýle hem Saglyk öýleriniň wagtlaýyn/ykjam toparynyň düzülendigi mälim edildi.

Ýurdumyzda ähli sanjymlaryň 2 doza möçberinde 21 gün aralyk bilen urulýandygy aýdylyp, milli we welaýat derejelerinde waksinalary saklamak üçin -15-20 derejede sowadyjylaryň üpjün edilendigi bellenilip geçildi.

Sanjym işleriniň çäklerinde ähli waksinalar boýunça 1-nji we 2-nji dozasy alan köp sanly raýatlaryň bardygy aýdylyp geçildi.

Şeýle hem sanjymyň ähmiýeti barada wagyz etmek we düşündiriş işleriniň alnyp barylýandygy, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem halkara ýetirilýändigi mälim edildi.

Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük- Makul Sözlügi  sözlügi ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

 

Türkmenistan boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlar

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy