BILIM

Türkmenistanda Italýan dili öwredilýär

Türkmenistanda Italiýan dili öwredilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telefon söhbetdeşliginde bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär diýlip Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda bugün bolan telefon arkaly söhbetdeşligi baradaky  TDH habarynda aýdylýar.

Habarda bellenişine görä, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ugurdaş bölüm ýene bir ýokary okuw mekdebinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda açyldy. Mundan başga-da, şu okuw ýylynda italýan dili Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinde okadylyp başlanyldy. Bellemek gerek, täze okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň çägindäki orta mekdepleriň käbirine italýan dili dersi giriziljekdigi barada öň saýtymyza habar ýerleşdiripdik.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, Italiýa hem-de Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasa eýedir, munuň özi netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Yzygiderli geçirilýän dürli çäreler hem-de italýan hünärmenleriniň ýurdumyzyň birnäçe binagärlik ýadygärliklerinde alyp barýan köpýyllyk işleri şol gatnaşyklary has-da baýlaşdyrýar.

Geljekde hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýän bu işler Italiýanyň esasy ylym hem-de bilim merkezleri bolan Boloniýa uniwersiteti hem-de arheologiýa barlaglary we gazyp-agtaryşlar boýunça Turin merkezi bilen baglaşylan degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

Italiýada  Parfiýanyň taryhy gymmatlyklarynyň  sergisi

Milli Liderimiz bu ugurdaky toplanylan oňyn tejribäni nazarda tutup, Germaniýada guralan “Margiana — Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy” atly sergi ýaly Italiýada hem arheologiýa sergisini hem-de gadymy Parfiýanyň taryhy gymmatlyklarynyň sergisini guramagy meýilleşdirmek baradaky pikiri beýan etdi.

Şonuň bilen birlikde, durmuş ulgamynda, hususan-da, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi. Bir söz bilen aýdylanda, bilelikdäki tagallalary özara bähbitlere gönükdirmek üçin köpugurly mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

“Türkmenistan — Italiýa” medeni hyzmatdaşlygy

Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz DIM-leriň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek arkaly daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn ýol kartasyna ýa-da hereketleriň meýilnamasyna gol çekmäge taýýarlyk görmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

Milli Liderimiz ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesinden ugur alyp, “Türkmenistan — Italiýa” medeni hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi, ol bilim, ylym we medeniýet ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän gurama hökmünde hyzmat edip biler.

Bulary hem okaň

Orta mekdeplerde italýan dili öwrediler

Italiýa daşary söwdada öňdäki orunlarda

Italiýa TOPH gaz geçirijisi taslamasy bilen gyzyklanýar

Italiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar