BILIM

Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen Daşkent şäherindäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň müdiri Denisa Woddingemiň ýolbaşçylygyndaky britan wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini we ugurlaryny, şol sanda Türkmenistanyň bilim edaralarynda okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak we iňlis dilindäki maksatnamalary ösdürmek bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Britan tarapy bu saparyň maksadynyň Türkmenistanyň bilim edaralaryna baryp görmek, ýolbaşçylary we iňlis dili mugallymlary bilen duşuşyklar geçirmek, şeýle hem iňlis dilini okatmagyň häzirki zerurlyklaryny öwrenmekden ybaratdygyny belledi. Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda Türkmenistanda IELTS (bu iňlis dili boýunça bilim derejesini bahalandyrmak üçin döredilen halkara synag ulgamy) synaglaryny guramak babatda hem pikir alyşyldy. IELTS 11,000-den gowrak gurama, şol sanda uniwersitetler, iş berijiler, hökümet we ýörite edaralar tarapyndan netijeleri kabul edilýän dünýäde has ýokary ykrar edilen synaglaryň biridir.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda iki diplom maksatnamalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesinde hem durup geçildi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary