BILIM

Türkmenistanda hytaý dili boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekildi

Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi (CLEC), Türkmenistandaky üç sany ýokary okuw mekdebi bilen hytaý dili mugallymlarynyň bu ýurtdaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak barada şertnama baglaşdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Degişli şertnamalara Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň baş müdiri Ma Jiankin we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň rektorlary gol çekdiler.

Ylalaşyklar dekabr aýynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýaonyň Aşgababa amala aşyran saparynyň çäginde gazanyldy.

Resminamalara görä, Merkez ýokarda ady agzalan üç türkmen uniwersitetine hytaý dili mugallymlarynyň hünär taýýarlygynda işjeň kömek eder. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde hytaý mugallymlaryny uniwersitetleriň isleglerine laýyklykda Türkmenistana ibermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda 10 sany orta mekdepde hytaý dili öwredilýär, şeýle hem hytaý dili boýunça dil kurslary hereket edýär.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary