JEMGYÝET

Türkmenistanda gyşky dynç alyş döwründäki çäklendirmeler

Türkmenistanda dünýädäki we sebitdäki çylşyrymly edidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, gyşky dynç alyş döwründe çäklendirme çäreleri giriziler. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda 2020-2021-nji okuw ýylynyň gyşky dynç alyş döwründe Gökderedäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň dynç alşyna çäklendirmeler giriziler.

Mundan başga-da, ýokary we orta hünärment okuw edaralarynyň talyplary gyşky dynç alyş döwründe okuw ýerlerinde mugallymlaryň gözegçiliginde bolarlar.

Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda okuwa kabul edilen ýöriteleşdirilen mekdep-internatlaryndaky okuwçylar gyşky dynç alşyny öz okuw edaralarynda geçirerler. Olaryň gyşky dynç alşyny ýörite maksatnama we iýmit bilen guramak işleri döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdiriler.

Ozal hem habar berişimiz ýaly, ýurdumyzdaky çäklendirmeler şu ýylyň ahyryna çenli dowam edýär. Otly we şäherara awtobus gatnawlary, halkara uçar gatnawlary ýylyň ahyryna çenli togtadylypdy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy