BIZNES

Türkmenistanda bank kartlarynyň möçberi 4,2 million

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä Türkmenistanda ulanylýan bank kartlarynyň 4 million 288 müň 600 boldy diýlip TDH habarynda aýdylýar.

“Galtaşyksyz töleg” hyzmaty

Habarda bellenişine görä, ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak, ätiýaçlandyrmak işlerini geçirmek üçin ulgama her gün birnäçe gezek girip çykýarlar. Türkmenistanda dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank önümi arkaly hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň mukdary artýar.

Terminallaryň üsti bilen bank kartlary arkaly söwda hem-de hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik togy), Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini hasaba goýmak, tehniki pasport almak, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtomobil döwlet belgilerini, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulagy dolandyrmak boýunça synag üçin tölegler geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň pasportyny alanyňda, onuň ýiten ýagdaýynda pasporty çalşanyňda, ýaşaýan ýeriňi üýtgedeniňde we beýlekiler üçin tölegleri geçirmek bolýar.

“Türkmennebitönümlerine” degişli awtomobillere ýangyç guýujy beketlerde ykjam töleg terminallary arkaly bank kartlary bilen ýangyç üçin tölemäge mümkinçilikler döredildi, jemgyýetçilik ulagynda ýol üçin töleg geçirilende ulanylýan plastik ýol kartlarynyň üstüni doldurmak üçin ykjam terminallar oturdyldy.

“Aşgabadyň şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmentelekom” hem-de “Türkmenpoçta” döwlet kompaniýalarynyň ähli kassalarynda nagt däl görnüşde töleg geçirmek mümkinçiligi bar. Banklaryň müşderileri öýjükli telefonlarynyň, IP-telewideniýe we internet hasaplarynyň üstüni doldurmak üçin “Internet-bank” hem-de “Mobile bank” ykjam bank hyzmatlaryny giňden ulanýarlar. Ýörite goşundylar arkaly bolsa “Türkmendemirýollary” agentliginiň demir ýol ulagynda hem-de “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň şäherara awtobuslarynda ýol peteklerini satyn alyp bilýärler.

Ýurdumyzyň banklary ýyllyk 5 — 7 göterimli “Goýum bank karty” açmak boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Onda “Maşgala” karty esasynda müşderiniň islegi boýunça maşgala agzalary kesgitlenen mukdaryň çäklerinde töleg kartynyň serişdelerini ulanyp bilýärler.

Häzirki wagtda “Goýum bank karty” we “Maşgala” bank kartlarynyň eýeleriniň sany artýar. 2020-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bankomatlar, terminallar, “Internet-bank”, “Mobile bank” hem-de elektron söwda ulgamy arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,13 esse artdy.

Häzir Türkmenistanda ulanylýan bank kartlarynyň möçberi dört milliondan (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, 4 million 288 müň 600) geçdi. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bank kartlary arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi 814,8 million manatdan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 2,42 esse artdy.

VISA we MasterCard kartlary işjeň ulanylýar

Daşary ýurtlara sapar bilen gidýän raýatlar Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän VISA (Classic, Business, Gold) we MasterCard (Maestro, Standard, Business, Gold) halkara töleg kartlaryny işjeň ulanýarlar.

Ýurdumyzda çykarylan bank kartlary bilen bir hatarda, VISA we MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary söwda hem-de hyzmat ediş nokatlarynda oturdylan töleg terminallarynda pul geçirmek üçin kabul edilýär. Western Union pul geçirmeleriň halkara ulgamyna hem Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan hyzmat edilýär.

QR-kody synagdan geçirildi

Bank kartlarynyň, bankomatlaryň, töleg we maglumat terminallarynyň artmagy hem-de tranzaksiýalar geriminiň giňelmegi bilen yzygiderli gözegçilik işleri geçirilýär hem-de töleg ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Müşderilere Türkmenistanyň töleg-hasaplaşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary hödürlemek üçin “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň binýadynda oturdylan bölekleýin we hyzmat ediş ulgamlarynda QR-kody (tölegi dessin tassyklaýyş kody) synagdan geçirildi. Şeýle hem galtaşyksyz bank töleg kartlary ulanyşa goýberildi.

Cash back : bank kartyna yzyna gaýtarmak

Nagt däl hasaplaşyklaryň mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň banklarynda bank kartlaryndan peýdalanýanlar üçin “Cash back” — harytlar satyn alnanda pul serişdeleriniň bir bölegini bank kartyna gaýtarmak hyzmaty işlenip taýýarlanyldy.

Dünýä tejribesi içgin öwrenilenden soňra, Türkmenistanyň kadalaşdyryş binýadyna degişli üýtgetmeler girizildi. “Cash back» hyzmatlary peýdalanylanda, yzyna gaýtarylýan pul serişdeleriniň paýy ýurdumyzyň karz edaralarynyň müşderileri tarapyndan amala aşyrylýan nagt däl amallaryň möçberiniň 0,5 — 2 göterimine deňdir. Bu hyzmatyň artykmaçlyklaryndan peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek.

Diýarymyzyň banklary dünýäniň ykdysady we maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Hususy bölegi maliýeleşdirmek boýunça Yslam korporasiýasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi we beýleki maliýe edaralary bar.

“Sanly banky” döretmek

Geljekde “sanly banky” döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, şahamçalary bolmadyk banklardyr, şolaryň ornuny Call-merkezi hyzmatlar gullugynyň işgärleri tutýar. Şunuň ýaly bank uzak aralykdan ösen sanly hyzmatlar ulgamyna — internet-banklaryna, ykjam banklara, şahsy iş otaglaryna, saýtlara we hususy hem-de korporatiw müşderiler üçin saýtlara we beýleki ýöriteleşdirilen hyzmatlara eýe bolmalydyr. Adatça, şunuň ýaly hyzmatlardan müşderileriň 90 göterimden gowragy peýdalanmalydyr, şunda amallar gije-gündiziň tutuş 24 sagadynyň dowamynda amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanyň banklarynda täze maliýe tehnologiýalarynyň yzygiderli hem-de çalt depginde ornaşdyrylmagy üçin birnäçe taýýarlyk çäreleri görülmelidir. Işewürlik amallarynyň barha artýan möçberini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu işleriň kämilleşdirilmegi bank ulgamynda ulanylýan degişli programma üpjünçiliginiň hem-de gurallarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Amallaryň awtomatlaşdyrmak derejesiniň kämilleşdirilmegi wagty hem-de harajatlary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer, müşderileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönüden-göni täsir eder, sebäbi amallar çalt, howpsuz hem-de goraglylygyň we gözegçiligiň ýokary derejesinde amala aşyrylar.

Tehnologiýa täzeçilliklerini ornaşdyrmak üçin degişli düzümleriň döredilmegi, ozaly bilen, sanlylaşdyrmak işlerini dolandyrmagy guramagy, bu amallary dolandyrmagyň gurallaryny döretmegi, şeýle hem maglumat howpsuzlygyny göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalary durmuşa geçirmek hem-de häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagynyň aýratyn möhümdigine ünsi çekýär. Bu babatda banklar hem maglumat howpsuzlygy ulgamynda, maliýe akymlaryna yzygiderli seljermeleri geçirmäge ukyply işgärleri, programma üpjünçiligini işläp düzüjileri, maglumat ulgamlaryny dolandyryjylary, inženerleri we beýleki hünärmenleri taýýarlamalydyrlar.

Sanlylaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak hem-de robotlaşdyrmak eýýamynda adamyň barha möhüm orny eýeleýändigi geň görünýär, çünki ýokary taýýarlykly hünärmenler hem-de bilermenler bank ulgamynyň geljegini kesgitleýär.

Işewürlik ulgamynda hem-de bazarlaryň ýörite ugurlara bölünmeginde banklaryň iş ugurlaryny kesgitlemek anyk müşderi syýasatyny, täze önümleriň döredilmegini, bank maglumat ulgamynyň guralmagyny hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklar ulgamyny kemala getirmegi talap edýär. Hyzmatlary sanlylaşdyrmak işleri gysga wagtyň dowamynda maglumatlaryň uly möçberini işlemäge hem-de tutuş hyzmatlar toplumyny hödürlemäge ukyply çeýe, kuwwatly we ygtybarly tehnologiýa meýdançasynyň döredilmegini şertlendirýär, munuň özi Türkmenistanyň banklaryny tehnologiýa taýdan özgertmegiň möhüm ugry bolup durýar.

Bu çäreler bank işewürlik amallarynyň wirtual ýagdaýa geçirilmegini, bank hyzmatlarynyň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär, bu işler degişli gurallaryň diňe bir üýtgedilmegine däl-de, müşderiler bilen gatnaşyklaryň durkuny özgerder, iki tarap üçin hem täze mümkinçilikleri açar, täze bank önümlerini döretmäge hem-de bar bolanlaryny has amatly ýagdaýa getirmäge kömek eder.

 

Maliýe täzeçillikleri bank bazarynda bäsdeşligiň esasy serişdesine, hödürlenilýän önümleriň anyklaşdyrylmagynyň möhüm guralyna öwrüler, maliýe täzeçillikleriniň işjeň ornaşdyrylmagy bolsa, bu ugurda bäsdeşligiň ýokarlanmagyna hem-de onuň häsiýetiniň üýtgemegine getirer.

Owerdraft : Türkmenistanda ornaşdyrylan maliýe täzeçiligi

Owerdraft diýlip atlandyrylýan, karz bermek usulyny göz öňünde tutýan hyzmat Türkmenistanda ornaşdyrylan maliýe täzeçillikleriniň mysallarynyň biridir. Şeýle görnüşli karzy bank belli bir şertlerde berýär: karzyň aňrybaş möçberi, göterimleri, göterim tölenmeýän döwür (eger şeýle ýagdaý bar bolsa), möhletinde tölenmedik ýagdaýynda jerimeler we penýalar öňünden şertleşilýär.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda “Altyn asyr” bank karty boýunça berilýän owerdraft görnüşli karz bermek ulgamynyň ornaşdyrylmagyny innowasiýa häsiýetli bank hyzmatlarynyň üstünlikli sanlylaşdyrylýandygynyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Bank kartynyň eýesi karz alyjy bolup durýar, owerdraftyň möçberi — karz alyjynyň kart hasabyndaky galyndy pul serişdesinden artýan bergisiniň möçberidir. Owerdraftyň möçberi karz alyjynyň aýlyk hakynyň möçberiniň 40 göteriminden ýokary bolmadyk derejede bellenilýär.

Owerdraft karzy boýunça göterim 12 göterim derejede kesgitlenilýär hem-de “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň karz toparynyň çözgüdi esasynda üýtgedilip bilner.

Müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar hem-de hyzmatdaşlygyň sanly usullarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi müşderilere zerur derejede, zerur ýerinde hem-de zerur wagtynda bank hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam