BILIM

Türkmenistanda aspirantura, doktorantura dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul ediş işleri başlanar

12-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýyl aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Olaryň teklipleri esasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri guramaçylykly geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary