TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda antiwirus programmasy döredildi

Türkmenistanly mugalymlar ilkinji türkmen antiwirus programmasyny döretti. Bu barada  “Türkmenistan” gazetiniň 24-nji apreldäki sanynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymynyň taýýarlan makalasynda aýdylýar. Makalada bellenişine görä, ilkinji türkmen antiwirus programmasy 2010-njy ýylda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredildi.

Antiwirus programmasy edaralarda we kärhanalarda kompýuterde wiruslary we zyýan ýetiriji programmalary ýüze çykaryp, ýok etmek üçin peýdalanylýar. Ol programma daşary ýurt programmalaryndan tapawutlylykda, beýleki antiwirus programmalary bilen bilelikde işläp bilýär, onuň ähli buýruklary türkmen dilinde. Programmanyň artykmaç tarapy — diňe bir wiruslary ýok etmän, olaryň kompýutere we maglumat göterijilerine zyýan ýetiren işlerini hem düzedýär.

Emma käbir ýagdaýlary we howplary antiwirus programmasy tarapyndan anyklap bolýan däldir. Meselem, hakerler tarapyndan amala aşyrylýan hüjüm ýa-da içaly programmalar şeýle howplara degişlidir. Şol sebäpli adaty ulanyjylar üçin  2018-nji ýylda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kiberhüjümlere garşy programmalaýyn toplum (awtorlary: H.Geldiýew, M.Hydyrow, M.Çüriýew, J.Geldiýew, G.Arrykowa, M.Saparow, E.Mämmetýazowa, D.Agaýewa, A.Baýymow) işlenip düzüldi. Bu toplum arkaly islendik ulanyjy öz kompýuterinde adatdan daşary ýagdaýy anyklap bilýär.

Antitroýan antiwirus programmasy 2010-njy ýylda 36-njy belgi bilen, kiberhüjümlere garşy programmalaýyn toplum  bolsa 2018-nji ýylda 88-nji belgi bilen Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan hasaba alynypdyr.

Ýene-de okaň

“Starlink” Gazagystanda ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlady

Ýewropada emeli intellekt: “Audi”, “Siemens” we “Bosch” zawodlaryna ornaşdyrylýar

Hytaý Merkezi Aziýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

“OpenAI” täze nesil emeli intellekt modeli — “GPT-5”-i hödürledi

Türkmenistanda edaralaryň arasyndaky elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy işe girizildi

ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar