BIZNES

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Ondna 2024-nji ýylyň jemleri jemlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard 623, 1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279, 7 müň tonna nebit çykaryldy.

2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,6 göterim, sementiň öndürilişi 3.5 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer