Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylda bu bankyň agzasy boldy. Häzirki wagta çenli bu düzüm bilen ýurdumyzyň maliýe ulgamyna häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, söwdany, önümçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyz bilen bu bankyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da, Türkmenistan bilen bu bankyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze Strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak teklip edilýär. Bu resminama döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýan taslamalara uzak möhletli esasda düýpli maýa goýumlary çekmek üçin ygtybarly binýat bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna girýän edaralaryň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýurdumyzda demir we awtomobil ýollaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde ýakyn wagtda gepleşikleri geçirmek maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart-aprel aýynda Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary we halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
