BIZNES

Türkmenistan “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 3-nji ykdysady forumyna gatnaşdy

Daşkentde Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly 3-nji Ykdysady forumy geçirildi. Bu forum bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek we sebit dialogyny güýçlendirmek üçin esasy platforma hökmünde öz ähmiýetini ýene bir gezek tassyklady. Çärä 32 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa komissarylary Ýozef Sikela we Marta Kos ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistan döwletimize bu möhüm forumda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, umumy we ykdysady sessiýalaryň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ykdysadyýetleriň durnuklylygyny we biri-biriniň üstüni ýetirijiligini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem maýa goýum, söwda, infrastruktura we innowasiýa ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewrokomissar Sikela Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlygynyň, jemi $12$ milliard ýewro bolan “Global Gateway” maýa goýum bukjasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän dört sany esasy ugry bällep geçdi. Bular ulag-logistika pudagy, möhüm çig maly gazyp almak we gaýtadan işlemek, sanlylaşdyrmagy ösdürmek, şeýle hem-de energetika we howa meselelerine baglylykda suw serişdelerini dolandyrmak.

Soňky ýedi ýylda özara söwdanyň göwrümi dört esse ýokarlanyp, 54 milliard ýewro ýetdi. Bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmeginiň, söwdanyň diwersifikasiýalaşmagynyň we sebitde Ýewropa işewürliginiň has giňelmegiň aýdyň netijesidir.

Ýewropa maliýe institutlarynyň goşandy hem aýratyn bellenilip geçildi: diňe Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa 2,26 milliard ABŞ dollaryny gönükdirdi.

Forumyň netijeleri boýunça dürli ugurlardaky, şol sanda ekologiýa, irrigasiýa, geomaglumatlar, kadalaşdyryş meseleleri we beýleki ugurlar boýunça alty sany hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi. Baglaşylan ylalaşyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, tejribe alyşmak hem-de degişli edaralaryň, bilermen düzümleriniň we işewür toparlaryň arasynda amaly gatnaşygy çuňlaşdyrmak üçin esas döredýär.

26-njy noýabrda Daşkentde tamamlanan “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy üçünji gezek geçirildi. Ilkinji gezek şeýle çäre 2021-nji ýylda Bişkekde, soňra 2023-nji ýylda Almatyda geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri