BIZNES

Türkmenistan we Hytaý energetika bazarynyň möhüm hyzmatdaşlary

– Hytaý we Türkmenistan halkara energetika bazarynyň möhüm hyzmatdaşlary. Biziň ýurtlarymyzyň çuň strategik ähmiýete eýe bolan giň mümkinçilikli hyzmatdaşlygy bar – diýip, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy Hou Siszýun “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Ol türkmen tarapyny gaz pudagyna has işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen gazyp almak, gözlemek, tebigy gazy satyn almak-satmak, inženerçilik gurluşygy, tehniki üpjünçilik, pes uglerodly ulgamyň ösdürilmegi, hünärmenleriň okadylmagy babatda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellenildi.

– 2023-nji ýylyň sentýabrynyň ýagdaýyna görä, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky tebigy gaz söwdasynyň möçberi 76 milliard dollarlyk haryt dolanyşygy bilen 380 milliard kubmetrden gowrak boldy. Hytaý 12 ýyldan bäri Türkmenistanyň esasy iri söwda hyzmatdaşydyr we turba geçirijiler arkaly Hytaýa iň köp tebigy gaz iberýän ýurt Türkmenistandyr – diýip, “CNPC” kompaniýasynyň başlygy belläp geçdi.

Ol geljekde hem Türkmenistan bilen tebigy gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, tebigy gaz we täze energetika, ýaşyl pes uglerodly maýa goýumlar, uglerod gazlaryny aradan aýyrmak üçin tehnologiýany senagatlaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet beriljekdigini mälim etdi.

Şeýle hem ol “CNPC” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen gaz işewürligini meýilleşdirmek, bioenergiýa, ulaglaryň elektrifikasiýasy, wodorod energetikasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikler geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

“CNPC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýerli hünärmenleriň taýýarlygyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, 16 ýylyň dowamynda 56 müň türkmen hünärmeniniň okadylandygyny, şeýle hem 139 raýatyň Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri üçin saýlanyp alnandygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, hytaý kompaniýasy Türkmenistanda nebitgaz pudagy üçin has köp hünärmenleri taýýarlamak babatda “Lu-Ban” ussahanasyny döretmek işine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny habar berdi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi