JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe: söwda möçberini 5 milliard dollara ýetireris

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýäniň resmi habarlar gullugy habar berýär. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Türkiýe Respublikasyna başlan ilkinji resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Prezidentiň köşk toplumynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary güýçlendirmek ugrundaky tagallalara baha berildi. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda möçberini 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini we bu maksada ýetmek üçin söwdany ýeňilleşdirmek ugrunda degişlli işleri geçirmäge taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky hökümetara toparyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň has peýdaly boljakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Jewdet Ýylmaz ertir Ankarada geçiriljek Türkiýe-Türkmenistan Işewürler forumynyň bilelikdäki taslama mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik döredjekdigini aýdyp, türk kompaniýalarynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýändigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri