JEMGYÝET

Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy boldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýän Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agzalarydyr. Türkmenistan, Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa synçy agzalary bolup durýar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda onuň gün tertibine laýyklykda, birleşige öňden synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzalygyna kabul etmek baradaky teklip öňe sürüldi we bu teklibi duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldandygy barada habar berildi.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy