BIZNES

Türkmenistan Täjigistandan alýumin satyn alar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny, ilaty zerur bolan ýokary hilli senagat önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden alýumin önümlerini satyn almak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz senagat önümçiligi üçin zerur bolan çig malyň, alýumin önümleriniň öz wagtynda satyn alynmagynyň wajypdygyny aýdyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ünsi çekdi. Ol ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания” (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglanyşmaga ygtyýar berildi.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary