BIZNES

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 947,7 million ABŞ dollary boldy. Statistika gullugynyň habaryna görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,92 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 939,1 million dollar).

Türkmenistan hasabat döwründe Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ilkinji üçlige girdi.

Özbegistandan Türkmenistana eksportyň mukdary 99,2 million ABŞ dollary boldy, bu bolsa geçen ýyldakydan 44,8 göterim az (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 143,7 million ABŞ dollary).

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistandan Özbegistana eksportuň möçberi 848,5 million dollara ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 795,5 million dollar).

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 54,3 milliard ABŞ dollaryna barabardygyny bellemelidiris. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,7 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 50,9 milliard dollar).

Ýene-de okaň

Täjigistanda kuwwaty 500 MW bolan ilkinji Gün energiýasy taslamasy durmuşa geçirilýär

TNGIZT Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ýerli çig mal bilen üpjün edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda elektron söwda ulgamy ýokary depginde ösýär

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler