JEMGYÝET

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Gazagystanyň Aktau şäherinde Demirgazyk-Günorta ugry boýunça söwda we logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Ilkinji gezek geçirilýän forumyň çäklerindäki duşuşykda taraplar Turgundi-Hyrat-Kandagar-Spin-Buldak täze demirýol taslamasynyň gurluşygynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň resmi saýtynda habar berlişine görä, bu täze taslama Türkmenistanyň günbatar serhedinden başlap, Owganystanyň üsti bilen Pakistana we şol ýerden hem Hindistana barp ýetmegi meýilleşdirilýär.

Bu bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek teklibini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew berdi. Onuň bellemegine görä, türkmen tarapy eýýäm owgan kärdeşlerine Türgundi şäherinde logistika merkezini döretmek we onuň gurluşygyna başlamak babatda ylalaşyk gazandy.

Bu ýerde däneleri düşürmek, konteýnerler we beýleki ýükler üçin kuwwatlyklar göz öňünde tutulýar. Logistika merkeziniň taslamasynyň tamamlanmagy bilen Turgundi tarapyndan ýük dolanyşygynyň möçberi artar.

– Biz gazak tarapyny hem taslamanyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýarys. Turgundi-Hyrat diňe bilen demirýol gurluşygy däl, eýsem ýük gatnamalarynyň möçberiniň artmagy üçin amatlydyr. Gazak tarapynyň gatnaşmagy bilen bu geçelgäniň gyzyklanmasy artar – diýip, Mämmethan Çakyýew belledi.

owgan tarapy hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýüklerini Pakistana üstaşyr geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri döretmäge taýýardygyny belledi.

– Biz täze demirýoluň gurluşygy boýunça teklibe ýokary baha berýäris, Türkmenistanyň we Owganystanyň Turgundi-Hyrat ugry boýunça gurluşyk meýilnamalary bar. Biz Türkmenistanyň Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana barjak günbatar geçelgä gurluşugy başlangyjyny goldaýarys – diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin belledi.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy