JEMGYÝET

Türkmenistan «Merkezi Aziýa ― Russiýa» işewürlik düzümini döretmegi teklip edýär

Astanada geçirilen Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa ― Russiýa» işewürlik düzümini döretmegi teklip etdi. Hemişelik ýagdaýda hereket etjek bu düzümiň çäginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna garalyp bilner. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlykda ykdysadyýetiň geljegi uly ugurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz energetika, senagat kooperasiýasy, dokma senagaty, agrosenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebitleýin söwda ýaly pudaklary muňa mysal getirdi. Şunda biziň ýurtlarymyzyň işewürlik toparlaryny özara has ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmaga höweslendirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz çykyşynda ulag we üstaşyr gatnawlar üçin düzümleýin desgalary gurmak arkaly bu ugurda sebit ýurtlarynyňdyr Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, Demirgazyk ― Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek barada aýdyp, Türkmenistanyň bu taslamany durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.

Related posts

Şu gün Aşgabatda halkara derejeli saglyk merkezleriniň düýbi tutular

AIPS’nden Türkmenistan Devlet Başkanına Ödül

vepa

Milli Liderimize “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment