DÜNÝÄ

Türkmenistan IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy—durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de “tegelek stollary” öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek, ekologiýa medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmak, ilatyň bilimi, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maksatlaryny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw serişdeleriniň utgaşykly dolandyrylmagyna, ekologiýa taýdan aň-düşünjäniň artmagyna we ekosyýahatçylyga, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly milli strategiýalar hem-de taslamalar ulgamynda tejribeleriň alşylmagyna, täze ählumumy howa syýasatyna, tokaý serişdelerine, “ýaşyl” energetika, ykdysadyýetiň galyndysyz ulgamynyň kemala getirilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda döwrebap, ekologiýa taýdan arassa we tygşytly “ýaşyl” tehnologiýalary peýdalanmak ulgamynda amala aşyrylýan milli, sebit hem-de halkara derejesindäki giň gerimli ekologiýa maksatnamalary we taslamalary bilen tanyşdyryldy.

 

Awaza: ýollanma hatlary berlip başlandy

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi