JEMGYÝET

Türkmenistan Hytaýa 100 milliard kubmetre çeni tebigy gaz iberer

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu dabara Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen hem-de  Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlu hem gatnaşdy.

Milli Liderimiz dabarada eden çykyşynda nebitgaz pudagynda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini belläp, 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly häzire çenli Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň 300 milliard kubmetrinden gowragynyň ugradylandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygynyň «СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited» (HHR) kompaniýasy tarapyndan amala aşyryjakdygyny, taslamanyň möhleti 30 aý bolup, 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda kompaniýanyň hyzmatlarynyň tölegi, tebigy gazy 3 ýylyň dowamynda HHR-e ibermegiň hasabyna amala aşyryljakdygyny belledi.

Dabarada Hytaýyň ilçisi hem-de iri nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy çykyş etdi. Olar çykyşlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, by hyzmatdaşlygyň nebitgaz guýylarynyň gurulmagy, ýerüsti hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi ýaly birnäçe ugurlarda alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatynyň ýylda 40 milliard kubmetr tebigy gazy ibermäge mümkinçilik berýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistandan Hytaýa geljekde tebigy gazy ibermegiň möçberini 100 milliard kubmetre ibermegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

GALKYNYŞ GAZ KÄNI

Dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri batly depginlerde dowam edýär, onuň gorlary “Ýaşlar” we“Garaköl” ýataklary bilen umumylykda 27 trillion kubmetre golaý mukdarda kesgitlenildi. Bu ýerde umumy kuwwaty bir ýylda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kubmetrine deň bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi ulanylmaga berildi. Meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan gaz ýatagynda ulanyş guýularyň her birinden ortaça bir gije-güdizde çykarylýan tebigy gazyň möçberi 2 million kubmetrine barabardyr.

«Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup durýar.

 

Türkmenistan we Beýik Britaniýa: Owganystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri